Magtymgula eltýän ýollar

15 Awgust 2024
165

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 200-nji sanynda).

Ýagmyryň dury damjalaryny gursagynda saklap, ony düre öwürýän sadaplar umman çuňlugynda karar taparmyş. Diňe çuňluga aralaşyp bilýän we ýüzmäge ezber guwwaslar gaýtalanmaýan gözellige eýe bolan dürleri suwuň ýüzüne çykaryp bilýärler. Pähim-paýhas ummanlary hem hut şolar misli. Ylym bahrynyň möwçli suwlaryna ýanbermez ýüzüjiler söz sadaplarynyň many merjenlerini halka hödürlänlerinde, öň görmedik düşünje gözellikleriňe haýran galyp, «Älhepus!» diýýärsiň. Hikmetiň hakykaty şeýle: dür deý dury paýhasa älem aşyk, jahan hyrydar. Ol jümleler durmuşyň harasadyna ömrüň parasady bolup ýaýylýar.

Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.