«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ Hindistandan Özbegistana barýan ilkinji konteýner otlyny guraýar

2 Awgust 2024
179

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ (TULM) konteýner ýük otlularynyň gatnawyny yzygiderli ýola goýmak we otlynyň gatnaw ugrunyň wagtyny azaltmak boýunça iş alyp barýar.

Ýakyn Gündogardan ýük akymynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Stambul şäherinde «Türkmendemiryollary» agentligi bilen «O'zbekiston Temir Yo'llari» (Özbegistan Demir Ýollary) hojalyk jemgyýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar konteýner otlylarynyň Türkmenistanyň üstünden Özbegistanyň çägine we yzyna geçmegini tizleşdirmegi, şeýle hem konteýnerleriň taraplaryň çäginden daşamak üçin ýörite nyrhlaryny girizmegi ara alyp maslahatlaşdylar.