Öňde belent maksatlar

23 Iýul 2024
223

Ylym-bilim adamzat durmuşynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Ol biziň ýurdumyzda jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup hyzmat edýär. Ýaş nesliň ylym-bilim alyp, kämil hünärli bolmagy, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi olaryň durmuşda mynasyp ornuny tapyp, işlemegine, döretmegine, gurmagyna, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine goşant goşmagyna ýol açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň dünýä derejeli ylym-bilimiň, giň dünýägaraýşly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, ökde hünärmenler bolmaga gönügen höwesi we bu ugurda ýylsaýyn artýan islegi döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynda giňden goldanylýar.

Halk döredijilik eserlerindäki «Bilimli il ozar», «Hünärli ýigit — miweli agaç», «Bilegi güýçli birini ýeňer, bilimi güýçli — müňini», «Hünärli ýigit hor bolmaz» diýen ýaly ençeme paýhasly sözler halkymyzyň ir döwürlerden bäri ylym-bilimlilige, kämil hünärli bolmaga uly ähmiýet berendigine şaýatlyk edýär. Uly ösüşleri nazarlaýan bu paýhasly düşünjeler häzirki wagtda döwlet derejesinde giňden goldanylýar we ösdürilýär. Şu jähetden, türkmen ýaşlary ylymly-bilimli bolmak, göwün söýen hünärlerini ele almak maksady bilen, dürli ýokary okuw mekdeplerinde okamaga uly gyzyklanma bildirýärler. Bagtyýar ýaşlarymyzyň bu höwesini şu günler ýurdumyzyň paýtagtynda, Arkadag şäherinde we welaýatlarynda ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişik möwsüminde has aýdyň görmek bolýar. Welaýatymyz boýunça-da ýaşlaryň müňlerçesi talyp bolmaga dalaşgärlik edýärler. Resminamalaryny tabşyrmaga gelýän ýigitlerdir gyzlara welaýatymyzyň 1-nji, 45-nji orta mekdeplerinde döredilen resminamalary kabul ediş toparlarynyň agzalary talabalaýyk hyzmat edýär. Bu mekdeplere gelýän ýaşlaryň gadamlarynda dogum, ýüz-gözlerinde ynam nury şugla saçýar.

Täzegül ÇARYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň mugallymy.