Dil — kämilligiň açary

9 Iýul 2024
513

Döwletimiziň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň hyzmatdaşlygy netijesinde Türkmenistan halkara maslahatlaryň, işewür forumlaryň, syýasy geňeşmeleriň, medeni we sport çäreleriniň merkezine öwrüldi. Ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň sany hem barha artýar. Şeýle bolansoň, daşary ýurt dillerinde gürleýän, dürli iş ugurlaryndan ýokary hünärli işgärlere zerurlyk ýylsaýyn artýar.

Biz — ýaşlaryň bilim hazynasyna eýe bolmak arzuwymyzyň amala aşmagy, döwrebap bilim alyp, giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler bolup ýetişmegimiz we dünýä dillerinde gürläp bilmegimiz üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Dil adamlaryň arasynda gatnaşyk saklamagyň hem-de pikiriňi beýan etmegiň esasy serişdesi bolup durýar. Halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda, olaryň bir-biri bilen özara düşünişmeginde we dost-doganlygyň berkemeginde ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil bilmekleriniň ähmiýeti uludyr.

Humaý HOMMADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.