Beýik zamananyň bagtyýar ýaşlary

9 Iýul 2024
589

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil nesiller bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesiniň kämil nusgasynyň bolmagy durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýar. Bilim ulgamynyň dünýäniň ösen derejelerine laýyk gelmegi, işçi güýjüniň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurduň dünýäniň ylym-bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna hem döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle-de çagalaryň tomusky dynç alyş döwürlerini gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin gözel Gökderäniň goýnunda hem-de welaýatlarymyzda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýörite meýilnama esasynda aýdym aýtmak, tans oýnamak, ertekileri sahnalaşdyrmak ýaly çäreler guralýar.

Ýaş nesliň tebigy zehinlerini we ukyplaryny ýüze çykarmak, ösdürmek, türkmeniň milli mirasy arkaly olarda ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde nusgalyk iş tejribeleri, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ylmy gazananlaryny durmuşa geçirmek möhüm ugurlar bolup durýar.

Ogulsuraý BERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň mugallymy.