5-nji iýunda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, «Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň tebigaty we daşky gurşawy goramak düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda Ýer ýüzünde durnukly ösüşi we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek halkara hyzmatdaşlyk bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Bitarap Türkmenistan durnukly ösüş babatda öňde duran wezipeleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşýär diýlip bellenilýär.