Ýiti gün şöhlesinden goranalyň!

12 Iýun 2024
345

Tomus paslynda howanyň derejesiniň gyzmagy netijesinde Günüň şöhlesi ýitileşýär. Şonuň üçin hem yssy günlerde daşarda gözegçiliksiz oýnaýan çagalara ýa-da açyk meýdanda işleýän adamlara Günüň şöhlesiniň ýaramaz täsir etmegi mümkin. Bu ýagdaý daşarda uzak wagtlap, Gün şöhlesiniň aşagynda başgapsyz ýa-da saýawansyz gezilse bolup bilýär. Aslynda, Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini döreýär hem-de sussupesligiň öňüni alýan maddalary emele getirýär.

Günüň ýiti şöhlesi adamyň kellesine we derisine düşüp, kelle beýniniň gyzmagyna getirýär. Gün urma bolanda kellagyry, ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urgusynyň çaltlaşmagy, demgysma, endam agyrylary, gaýtarma ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Selbinyýaz BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.