Gün şöhlesi we magnit hadysasy

12 Iýun 2024
288

Häzirki döwürde türkmen tebigatynyň gözelligi, Gün şöhlesinden nurlanan Diýar, asuda, parahat asmanymyz ynsan saglygyna, kalbyna rahatlyk, ýaşaýşyna buýsanç duýgularyny eçilýär. Tebigatda her bir paslyň alamatlary birbada ýüze çykman, olar dura-bara peýda bolýarlar. Munuň özi adam saglygyna hem uly täsir edýär. Günüň işjeňligi artan ýagdaýynda, Gün alawy emele gelip, Ýeriň daş-töweregini gurşap, täsirli magnit hadysasyny döredýär. Bu bolsa adamlara we olaryň saglygyna täsir edýär.

Adam özüniň sagdynlygyna ýa-da haýsydyr bir keselden ejir çekýändigine seretmezden, howanyň temperaturasynyň, çyglylyk derejesiniň, atmosfera basyşynyň üýtgäp durmagyna uýgunlaşmaly bolýar. Daşky gurşawyň üýtgäp durýan şertlerine hem adam bedeni dem alşyň, ýürek urgularynyň, arterial gan basyşynyň üýtgemegi bilen jogap berýär. Bu bolsa gartaşan adamlara, dowamly kesellerden, ýürek-damar we nerw kesellerinden ejir çekýänlere ýaramaz täsir edýär. Magnit hadysasynyň täsirli günlerinde duýgur adamlarda dem alyş ýygylaşýar, ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işi gowşaýar. Adamlarda gowşaklylyk, ysgynsyzlyk, akyl we fiziki zähmete ukybynyň, ýatkeşligiň peselmegi, başaýlanma, kellagyry, eşidişiň peselmegi, gan basyşynyň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy, üýtgäp durmagy, ukusyzlyk, depressiýa, gaharjaňlyk ýaly alamatlaryň ýüze çykmagyna getirip biler.

Merdan BAÝRAMGULYÝEW,
Aşgabat şäherindäki 12-nji Saglyk öýüniň baş lukmany.