Dişler aýalsa gowy

12 Iýun 2024
358

Adamyň tebigy gözelliginde dişleriň hem uly paýy bardyr. Gürläniňde, güleniňde owadan hem-de endigan görünýän dişler keşbiňe aýratyn gözellik berýär. Dişleriň sagdyn bolmagyny gazanmak özümize baglydyr.

Dişiňde gaty zatlary döwmek ýa-da süýjülikleri yzygiderli iýmek bolmaýar. Şeýle-de iýmiti gyzgyn hem-de sowuk görnüşlerinde kabul etmek dişlerimize örän uly zyýanyny ýetirýär. Edil häzirki günlerde hem yssy howada daşardan gyzyp gelip, sowuk suw içmek ýa-da önümleri kabul etmek dişlerimiziň zaýalanmagyna getirýär. Çilim çekmek, nas atmak ýaly zyýanly endikler hem dişleriň saralyp, wagtyndan öň dökülmegine sebäp bolýar.

Gunça HALMYRADOWA,
welaýat stomatologiýa merkeziniň şahamçasynyň lukmany.