Saglyk uly baýlykdyr

12 Iýun 2024
371

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ilatyň saglygy hakynda uly aladalar edilýär. Ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini, zyýanly pişelerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Çünki ähli ösüşleriň, rowaçlyklaryň gözbaşy jan saglygydyr. Çilim çekmek, spirtli içgileri içmek ýaly ýaramaz pişeler bolsa ynsan saglygyna düýpli zeper ýetirýär.

Zyýanly endikler bedende çiş keseliniň döremegine getirýär. Yzygiderli emeli usul arkaly gyjyndyrylma sezewar bolýan aşgazan şiresini işläp çykarýan mäzleriň işleýşi gowşaýar. Olaryň şire işläp çykaryşy ýa-da şiresiniň turşulygy azalýar. Bu bolsa iýmitiň haýal siňmegine getirýär. Şeýle ýagdaýlaryň yzygiderli gaýtalanmagy netijesinde aşgazan ýarasy (gastrit) döreýär. Wagtyň geçmegi bilen aşgazan ýarasynyň çiş keseline öwrülmegi mümkin. Çiş keselleriniň 2—5 göteriminiň hut aşgazan ýarasynyň netijesinde döreýändigini alymlaryň barlagy görkezdi. Ynsan bedeniniň ýene bir wajyp agzasy bolan gyzylödekde çiş keseliniň döremegine getirýän esasy sebäpleriň biri-de spirtli içgileri içmek ýaly ýaramaz endik bilen baglanyşyklydyr. Spirtli içgiler bagryň işleýşine ýaramaz täsir edýär. Bagryň esasy wezipesi bedende döreýän ýa-da bedene daşdan düşýän zäherli maddalary zyýansyzlandyrmakdan ybaratdyr. Içilýän spirtli içgileriň mukdarynyň artmagy bilen bagryň öýjükleri basym sandan çykyp ugraýar. Bu bolsa bagyr sirrozynyň döremegine getirýär. Bagryň sandan çykyp başlamagy bilen bedeniň beýleki keselleriň garşysyna göreşijilik ukyby peselip, her hili keselleriň täsiri köpelýär. Zyýanly endigiň arasynyň üzülmän, ýene-de dowam etdirilmegi bolsa, keseli has-da agyrlaşdyrýar.

Çary JORAÝEW,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň hirurg lukmany.