Uçurymlara ak ýol!

30 Maý 2024
382

25-nji maýda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň ähli künjeginde umumybilim berýän orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasy hem-de Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenildi.

Şeýle toý-dabaralar ýurdumyzda ilkinji gezek «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan ajaýyp Arkadag şäherinde hem giň gerim aldy. Ähli toý-baýramlaryny ilkinji gezek belleýän «akylly» şäherde «Soňky jaň» dabarasy Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül çemenlerini goýmak bilen başlady. Uçurymlar Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýup, baş egip, tagzym etdiler.

Çaryberdi REJEBOW.
«Arkadag».