Medeniýet — köpugurly ösüşleriň ruhlandyryjysy

7 Maý 2024
390

Turuwbaşdan uly üstünliklere, göwünleri ganatlandyryjy şatlykly wakalara beslenip başlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýy hem halkara giňişliginde berkarar döwletimiziň abraýyny has arşa göterjek wakalara baý bolar. Şeýle diýip ynamly aýtmagymyza bu aýda eziz Watanymyzyň dürli künjeginde gurlup, dabaraly açylyşy meýilleşdirilýän ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly binalardyr desgalaryň barmak büküp sanardan köpdügi esas berýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň miwesi bolan şol binalardyr desgalaryň ýönekeýje sanawy-da ep-esli bolansoň, häzirlikçe üstümizdäki aýda diňe paýtagtymyzyň çäginde dabaraly açylmagy meýilleşdirilýän käbir desgalary ýatlamak bilen çäklenmegi makul bildik. Köpetdagyň gözel gerşini bezejek «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi, Arçabil şaýolunyň ugrundaky durky täzelenen Baş baýdak meýdançasy, Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky 2 gatly ýaşaýyş jaýlary, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Galkynyş köçesi we Atamyrat Nyýazow şaýoly aralygyndaky böleginde durky täzelenen suw çüwdürimleri, Bagtyýarlyk etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desga, Seýdi köçesiniň ugrundaky Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkezi diňe bir ykdysady, ýaşaýyş-durmuş, medeni giňişlikdäki ösüşlerimiziň ajaýyp görkezijisi bolman, eýsem, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň örän berkdigini dünýä ýaýýan beýik işlerdir.

«Türkmen dünýäsi».