Watanymyzyň saýrak bilbilleri

24 Aprel 2024
503

Golaýda «Nebitgaz» medeni işewürlik merkezinde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar üçin ählitaraplaýyn ylymly bolmagyň, ösmegiň, durmuşda öz ornuňy tapyp, bagtly bolmagyň ýollary açyk. Munuň şeýledigi ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan syýasatlaryň her birinde aýdyňlygy bilen görünýär. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň geljekki ykbalynyň ýaşlaryň zähmetine, ylymda-bilimde, döredijilikde ýeten belent derejelerine baglydygyny yzygiderli belläp, uly ynam bildirýär.

Ýörite habarçymyz.