Guwanjymyz — ýaş zehinler

24 Aprel 2024
417

Ösüp gelýän ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän taýsyz tagallasy täze taryhy eýýamda öz netijelerini berýär. Ajaýyp zamanada sungata ýykgyn edýän çagalaryň sany artýar. Sungata höwesli ýaş nesli kemala getirmekde uly ähmiýeti bolan çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanyp, barha kämilleşýän ýaşlar bizi diýseň begendirýär.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» we beýleki aýdym-saz, döredijilik bäsleşikleriniň ýaş nesil barada edilýän aladanyň aýdyň subutnamasy bolup, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine, täze röwüşlere beslenmegine goşant goşjak zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.

Mageram Asadullaýew,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.