Guwandyryjy hem buýsandyryjy hakykat

17 Aprel 2024
449

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet syýasatynda ynsan saglygy hakyndaky alada esasy orunda durýar. Munuň subutnamasyny saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan ägirt uly işleriň mysalynda hem-de bu ugurda gazanylýan üstünliklerde görmek bolýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bolsa şeýle üstünlikleriň berk binýadydyr. Bu maksatnamadan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, adamlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.

Şeýle ajaýyp döwürde saglygyňy goramakda sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik endige öwürmekligiň, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmekligiň, dogry iýmitlenmekligiň, zyýanly endiklerden daşda bolmaklygyň, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaklygyň ähmiýeti örän uludyr. Esasan hem, ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, arassaçylyk düzgünlerini berk  berjaý etmeli. Synaň sag, ruhuň belent bolmagy üçin, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, sagdyn durmuş kadalaryny, sporty gündelik endige öwürmek zerurdyr. Aýratynam, ýaş nesilleri sporta we bedenterbiýä has irki ýaşlaryndan çekmek zerurdyr.

Eneş Hojamberdiýewa,
welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärler bölüminiň uly inspektory, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.