Maslahat geçirildi

16 Aprel 2024
528

Welaýat «Ene mähri» merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kararyna laýyklykda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini talabalaýyk berjaý etmek boýunça okuw maslahaty geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Zähmeti goramak — sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» diýen şygar esasynda geçirilen bu maslahatyň maksady işgärleriň zähmetini we olaryň saglygyna bolan hukugyny goramakdan ybarat bolup durýar.

Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlar çäräniň dowamynda zähmeti goramagy kadalaşdyrýan kanunçylyk namalary, gözükdirmeler bilen işgärleri giňişleýin tanyşdyrdylar. Şonuň ýaly-da zähmeti goramagyň kadalarynyň we düzgünleriniň, tehniki howpsuzlygyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak meseleleriniň üstünde hem durup geçdiler.

Rüstem UMIROW,
welaýat «Ene mähri» merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.