Köňül söýgedi — saz

10 Aprel 2024
680

Şahyr aýtmyşlaýyn, ömür diýip berlen zady abraý bilen başdan sowaýmada iş bar. Şonuň üçinem adamzat dünýä gelensoň, mynasyp ýaşamaga çyr-çytyr ýapyşýar. Manyly ömür ýaşap, il-güne haýyrly iş edip, gerekli adam bolmaga çalyşýar. Şunda welin, göwün söýen kesbi-käriň, hünäriň wajyp. Ýakynda tomaşaçylara ýetirilen «Kompozitor» atly çeper film hem saz sungatyny kesp-kär edinen adam baradaky tolgundyryjy wakalary beýan edýär. Bu film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürildi. Filmiň şowly çykmagynda režissýor Maksat Gylyjowyň mynasyp artistleri saýlamagyň hötdesinden gelendigini turuwbaşdan bellän ýagşy. Biz hem filmiň baş gahrymany — Merdanyň ululygyndaky keşbini ýerine ýetiren Atageldi Rozyýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

— Atageldi, sözümiň başynda şowly çykan filmiňiz bilen gutlaýaryn. Höwri köp bolsun!

Söhbetdeş bolan Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».