Ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan gymmatlyk

10 Aprel 2024
459

Medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň şöhratly taryhynda belent derejelere ýetdi, umumadamzat medeniýetine mynasyp goşandyny goşdy. Ol bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeläp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň waspçysydyr, toý-baýramlaryň bezegidir, adamlaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan gözellikdir.

«Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň kämilligidir!» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň medeniýetiniň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy üçin ähli şertleri döredýändigine ýurdumyzyň çar künjeginde medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilýändiginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris. Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, welaýatlardaky teatrlar, muzeýler, kitaphanalar, aýdym-saz, döredijilik merkezleri täze taryhy döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda ýeten derejesiniň aýdyň beýanydyr.

Orazbibi Nurmyradowa,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.