Peýdalydyr balary, söýüň mydam olary!

4 Aprel 2024
454

Dünýäde arylaryň 20 müňe golaý görnüşi bar. Bir ary bir gezekde iňňäniň ujy ýaly bal toplaýar. Muňa garamazdan, käbir ary sürüsi her günde bir kilograma barabar bal ýygnap bilýär. Balarylar öň gonan gülüni ýadynda saklap, ikinji gezek oňa gonmaýar. Olar adamlaryň ýüz keşbini-de ýadynda saklaýarlar. Her ýylyň 20-nji maýynda Bütindünýä arylar güni bellenilip geçilýär.

Gadymy döwürden bäri ary baly kesel bejermekde giňden ulanylyp gelinýär. Ary balyny gyzgyn çaýa garyp içseň, balyň peýdaly häsiýetleri azalýar. Şonuň üçinem ony mylaýym çaýa garyp içmeli. Bal çyglylyk ýokary bolan şertlerde 30 göterime çenli çyg çekip bilýär. Şonuň üçinem baly 5-10 dereje salkyn ýerde, şemal çekýän gurak howaly jaýda saklamaly.

Maral ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň hünärmeni.