Müňýyllyklaryň medeniýeti

4 Aprel 2024
543

Hormatly Prezidentimiz Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekip bilýär. Ýurdumyzyň ähli künjegi, şol sanda gadymy Ahal topragy hem beýik taryhy ösüşlere baýdyr. Şeýle wakalardan ruhlanyp taýýarlan şu kitabym eziz halkymyza sowgadym bolsun!

2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty Änew şäheri türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi üçin-de, türki älemi üçin-de aýratyn ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi bagtyýar halkymyzy buýsandyrdy.

Täzegül KAKABAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň talyby.