El hünäri — il gezer

3 Aprel 2024
492

Ak säheriň tämizligi

Häzirki döwürde gyz-gelinleriň arasynda el işler bilen bejerilen milli lybaslary geýmek ýörgünli boldy. Aýratynam, el işleriniň bir görnüşi bolan ildirme keşdesine isleg bildirýänleriň sany günsaýyn köpelýär. Zenan ýüreginiň arzuwyny beýan edýän keşdeler owadanlygy, gözelligi, täsinligi bilen tapawutlanýar. Şeýle nepislige neneň buýsanmajak, olary neneň wasp etmejek? Milletimiziň aýrylmaz bölegi bolan millilik hakyndaky oý-pikirler hiç kimi öz erkine goýmaýar. Çünki, millilikde ak säheriň tämizligi bar, tebigat bilen durmuşyň sazlaşygy bar. Tämizlik bilen sazlaşykdan kemala gelen nepis el işleriniň ählisi türkmen halkynyň buýsanjydyr.