Beýiklere belent sarpa

3 Aprel 2024
439

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen görnükli şahsyýetlerimiziň ömrüniň we döredijiliginiň ylmy taýdan öwrenilmegine, dünýä ýaýylmagyna ajaýyp zamanamyzda döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan şöhratly ýylda biz bu hakykata has-da aýdyň göz ýetirýäris.

Dana şahyrymyzyň döredijiliginde watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, adamkärçilik, mertlik ýaly häsiýetler wasp edilýär. Magtymguly Pyragy garaşsyzlyk, berkararlyk, bagtyýarlyk ýaly beýik düşünjeleriň adamlaryň aňlarynda kämilleşmegine hem ägirt uly goşant goşan şahsyýetdir. Onuň öňe süren taglymlary bütin adamzadyň durmuşyny öz içine alýar.

Şemşat Babaýewa,
Esenguly etrap medeniýet merkeziniň esasy işler boýunça hünärmeni.