Oraza we ynsan saglygy

1 Aprel 2024
421

Mübärek Remezan aýynda oraza tutmak adam bedeniniň ähli ulgamlaryna täsir edip, saglyk beriji aýratyn häsiýete eýedir. Ol adamyň nerw ulgamyndan başlap, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, ýürekdir bagra, öýkene çenli öz täsirini ýetirýär. Oraza tutýan adamlarda iýmit siňdiriş agzasy belli bir wagt aralygynda dynçlyk ýagdaýynda bolýar.

Onuň saglyga edýän iň gowy täsiri bagyr bilen baglanyşyklydyr. Bagyr bedende birnäçe wezipäni ýerine ýetirýär. Eger bagra artykmaç agram düşse, ol üstüne ýüklenen wezipeleriň bir bölegini ýerine ýetirip bilmez. Oraza tutmak bolsa oňa her günde 4-5 sagat dynç bermek bilen, bagryň wezipelerini peseldýär, netijede, ol ýitiren birnäçe wezipelerini dikeldýär, şeýle-de kesellere garşy göreşmek ukyby güýçlenýär.

Abadan BERDIÝEWA,
TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.