Ýakymly täsire beslenen hepdelik

4 Mart 2024
891

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça «Magtymguly Pyragynyň şygryýet ummany ýaşlaryň paýhas hazynasydyr» diýen mowzukda hepdelik geçirildi. Oňa institutyň degişli fakultetiniň talyplary işjeň gatnaşdylar.

Aýdym-sazly dabaralara beslenen bu baýramçylyk hepdeliginiň birinji gününde «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly talyplaryň çeper okaýşyna we köňli ylhamly ýaşlaryň öz düzen goşgularyna uly orun berildi. Şeýle hem hepdeligiň çäklerinde Magtymguly atamyzyň ýaşan, okan, bilim alan ýerlerini beýan edýän taslamalaryň, sungat bilen içgin gyzyklanýan ýaşlaryň şahyryň goşgulary esasynda çeken ajaýyp suratlarydyr el işleriniň, zergärçilik bilen meşgullanýan talyplaryň ýasan şaý-sepleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Halyl AKYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.