Atlary iýmitlendirmegiň täze tehnologiýalary

20 Fewral 2024
990

Dünýä meşhur ahalteke atlarynyň gözelligine, ýyndamlygyna, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ösüp ýetişen ösümliklerden taýýarlanylan ot-iýmleri kabul etmeginiň hasabyna eýe bolandygy hemmelere mälimdir. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ýerli tebigy we toprak-howa şertlerinde ösüp ýetişen ösümlikleri, olaryň miweleri, däneleri hem-de olardan galýan önümçilik galyndylary bilen bilelikde ulanmak arkaly täze tehnologiýalar esasynda iým garyndysyny öndürmegi maksat edindik.

Häzirki zaman iým garyndysy diňe bir atyň energiýa we ýokumly maddalara bolan talabyny üpjün etmän, eýsem, onuň umumy immun ulgamynyň kadaly ýagdaýda bolmagyny hem üpjün etmelidir. Şu nukdaýnazardan, biziň öndüren iým garyndymyzyň düzümine adaty däl goşundylaryň, ýagny bakja ekinleri bolan – kädiniň we garpyzyň ununyň girizilmegi atyň immun ulgamynyň kadalaşmagyna peýdaly täsirini ýetirýär. Şeýle hem bu goşundylaryň girizilmegi atyň bedeniniň witaminler bilen üpjünçiliginiň has-da gowulanmagyny, kesellere durnuklylygynyň ýokarlanmagyny üpjün etmeli. täze iým garyndysynyň ähmiýeti dogrusynda geçirilen ylmy-barlag işleri onuň artykmaç hem-de ýetmezçilik taraplaryny ýüze çykarmaga mümkinçilikleri döretdi.

Myrat REJEPGULYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kafedra müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, halkara atçylyk assosiasiýasynyň agzasy.