Ösüşiň möhüm ugry

13 Dekabr 2023
561

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamyndaky ösüşler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär. Ykdysady kuwwatyň berkemegi bolsa, gönüden-göni raýatlaryň eşretli durmuşda ýaşamagyny we ata Watanymyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesiniň artmagyny şertlendirýär. Dünýäniň ulag ulgamyna işjeň goşulmak ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Diýarymyz iki yklymyň çatrygynda, amatly çäkde ýerleşmek bilen, ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Halkara tejribeden mälim bolşy ýaly, dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň özeni sebit we halkara derejede deňiz-derýa, awtomobil, demir ýol, howa ulaglarynyň hereketiniň häzirki zaman, döwrebap şertleriniň emele gelmegine bagly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde dünýä halklarynyň bähbidini araýan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek meselesine möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi ulag ulgamyny ösdürmäge niýetlenen halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmäge esas döredýär. Munuň özi ýurdumyzy Merkezi Aziýa sebitiniň ulag ulgamynyň esasy halkasyna öwürýär.

Abatgylyç NAZAROW,
TKA-nyň Şabat etrap birleşmesiniň başlygy.