«McDonald`s» 2027-nji ýyla çenli 10 müň sany täze nokadyny açmagy meýilleşdirýär

11 Dekabr 2023
440

«McDonald`s» kompaniýasy 2027-nji ýyla çenli dünýä ýurtlarynda 10 müň sany taze nokadyny açmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, kompaniýanyň nokatlary 25 göterim artyp, 50 müňe ýetip biler. Bu, «McDonald`s» kompaniýasynyň taryhynda gysga wagtyň içinde açylan täze nokatlaryň sany boýunça iň uly waka bolar.

Mundan başga-da, kompaniýa yzygiderli ulanyjylaryň ulgamynda (muňa 90 günde iň bolmanda bir gezek kompaniýanyň söwda nokadynda naharlanan müşderiler girýärler) hasaba alnan müşderileriniň sanyny köpeldip, olaryň sanyny 250 million ýetirmekligi maksat edinýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň şeýle müşderileriniň sany 150 milliona deň. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa özüniň söwda nokatlaryna dowamly gatnaýan şeýlke müşderilerden gelýän ýyllyk girdejininiň ýakyn dört ýylda 20 milliard amerikan dollaryndan 45 milliard amerikan dollaryna çenli köpelmegine garaşýar.

Taýýarlan: Aýnur Muhanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.