Türkmenistan ilkinji gezek TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň mejlisine gatnaşdy

7 Dekabr 2023
364

Türkmenistan ilkinji gezek TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň 5-nji dekabrda Tbiliside (Gruziýa) geçen mejlisine gatnaşdy.

TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň baş sekretary Aset Asawbaýew we beýleki agzalar Türkmenistany Ýewropa Bileleşiginiň hem-de “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” ulag geçelgesini guramak boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky halkara maksatnama goşulmagy bilen gutladylar.