Gymmatly baýlyk

7 Dekabr 2023
589

Ýiti respirator keseliň döremegine getirýän wiruslar daş-töweregimizi hemişe gurşap alýar. Ol tiz özgermek ukybyna eýe bolansoň, bu kesel,  häzir bolmasaň, gaýta-gaýta degip bilýär. Wirus diýseň çalt ýaýraýar. Keselli adam üsgürende, asgyranda, gürleşende wirus howa ýaýraýar. Ýiti respirator keseli howa-damja ýoly bilen ýokuşýar.

Ýiti respirator keseli ýüze çykanda bedeniň gyzgyny  ýokarlanyp, kelleagyry, bogunagyry döräp başlaýar. Ondan soň üsgülewük, bokurdak agyry peýda bolýar. Şeýle ýagdaý bir hepdä çenli dowam edýär.

Tylla BALLYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 15-nji saglyk öýüniň kardiolog lukmany.