Halkara giňişlikde

6 Dekabr 2023
411

ÝHHG bilen hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler Geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy. Ol gurama agza döwletleriň 57-siniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekillerini, şeýle-de hyzmatdaş ýurtlaryň 11-sinden wekiliýetleri bir ýere jemledi. Nobatdaky duşuşyk Ýewroatlantika sebitinde we Ýewraziýada howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».