Dünýä ýaýylýan parasat

6 Dekabr 2023
412

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar» diýen parasatly sözleriniň çuň many-mazmunyna daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşanyňda, has aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, ýakynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Paýtagtyň «Serena» myhmanhanasynda guralan «Magtymguly Pyragy we häzirki zamanda halklaryň dostlugy» atly bu maslahata daşary ýurtlaryň Pakistandaky ilçileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, alymlar, edebiýatçylar, bu ýerde ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

Akmyrat REJEBOW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary.