Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy hindi dilinde

6 Dekabr 2023
727

Golaýda Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynda Magtymguly Pyragynyň hindi dilinde çapdan çykan goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy boldy. Ol «Magtymguly Pyragy we Gündogaryň ruhy-medeni dünýäsi» atly ylmy-medeni maslahatyň çäginde dostlukly ýurduň giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu çäre «Hindistan — Merkezi Aziýa» gaznasynyň hem-de Nýu-Delidäki Hindi halkara merkeziniň ýakyndan ýardam bermeginde guraldy.

Nusgawy şahyrymyzyň iri ýygyndysyny hindi diline terjime etmek üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary tutuş ýylyň dowamynda yzygiderli iş alyp bardylar. Şunuň bilen birlikde, Magtymgulynyň şygyrlaryny beýleki dillere, şol sanda Merkezi Aziýa halklarynyň dillerine terjime etmek ugrunda-da tagalla edilýär.

(Ýörite habarçymyz).