Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

4 Dekabr 2023
1107

Dubaý — Aşgabat, 2-nji dekabr (TDH). Şu gün agşam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy. Bu ýerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär.

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 12-nji dekabryna çenli dowam etjek bu iri foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.