Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

3 Dekabr 2023
600

Häzirki wagtda 2023-nji ýylyň 6 — 8-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde bu barada hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasabat berdi. Hasabatda şu ýylyň 6 — 8-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisini, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy.