Türkmenistan we Hytaý halkara awtomobil gatnawlary barada Ylalaşyk baglaşdy

4 Dekabr 2023
470

Çarşenbe güni Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen 5-nji mejlisden soňky döwürde iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky ylalaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly durmuşa geçirilendigi we Komitet tarapyndan kesgitlenen köp meseleleriň ýerine ýetirilendigi bellendi.