Möwsümleýin döreýän ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleri

28 Noýabr 2023
764

Möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriniň ählisi näsagdan sagdyn adama howanyň üsti bilen ýokuşýar. Ilki bilen, kesel başlananda ysgynsyzlyk, başaýlanma, ýürek bulanma ýaly alamatlar ýüze çykýar. Eger wagtynda lukmanyň maslahaty bilen dogry we doly bejergi alynsa, bu kesel hiç bir gaýraüzülmelere getirmeýär. Syrkaw doly gutulýança köpçülik ýerlerinden saklanmalydyr. Öýde beýleki maşgala agzalarynyň bolýan jaýyndan aýry otagda ýerleşdirilmeli we zerur bolmasa onuň düşekden turmazlygyna gözegçilik etmeli. Otagyň içinde günde 3-4 gezek çygly arassalaýyş işlerini ýerine ýetirmeli. Hatda beden gyzgyny ýokarlananda oňa özbaşdak antibiotikleri bermekden saklanmaly. Oňa köp mukdarda suwuklyk (arassa agyz suwuny, gök önümleri we miweli şireleri, almanyň, kakadylan erigiň, garalynyň, kişmişiň şerbedini) içirmeli.

Ary baly ynsan saglygy üçin ýokumly azyk önümi bolup, ol dermanlyk maksatlary üçin ulanylýar. Ary baly limon bilen garylyp içilende has-da peýdalydyr. Özüni bal bilen bejerýän adam 3-4 günläp düşekde ýatsa ýa-da öýden çykmasa gowy. Ary baly ýüregiň işleýşine örän oňaýly täsir edýär, sebäbi onuň düzüminde ýeňil siňýän glýukoza köp saklanýar. Glýukoza bolsa, damarlary giňeldýär, gan aýlanyşygy gowulandyrýar. Bala hozuň maňzy goşulyp iýlende, onuň ýokumlylygy has-da artýar. Ary baly witaminleriň aglabasyny özünde jemleýär. Şonuň üçin ol immun ulgamyňyzy berkitmäge ýardam berýär. Günde säher bilen bir käse limonly çaýa 1 çemçe bal garyp içseň, bedeniň berkligine goltgy berýär.

Ogulgül ATAMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.