Ýaş lukmanlaryň ylmy gözýetimini giňeldip

27 Noýabr 2023
571

Paýtagtymyzdaky Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýaş alymlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa merkeziň ýaş hünärmenleri hem-de beýleki saglygy goraýyş edaralarynyň onkologiýa bölümleriniň lukmanlary gatnaşdylar.

Maslahatda tejribeli lukmanlaryň, ýaş hünärmenleriň mowzuklaýyn çykyşlaryna giň orun berlip, olarda degişli saglygy goraýyş edaralarynda onkologik keselleri anyklamak, öňüni almak, bejergisini geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada gürrüň edildi. Halypa lukmanlaryň hem-de ýaş alymlaryň kesel bilen baglanyşykly alyp baran ylmy gözlegleriniň netijeleri tanyşdyryldy.

(Ýörite habarçymyz).