Londonda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berildi

26 Noýabr 2023
559

22-23-nji noýabrda Londonda geçirilen «Türkmenistan: maýa goýum we ösüş» atly foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, onuň düzüminde ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, hususy telekeçiler gatnaşdylar.

Iki günlük forumyň dowamynda ykdysadyýetiň soňky gazananlaryna bagyşlanan wideoroliklere, ikitaraplaýyn gepleşiklere aýratyn orun berildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow forumda eden çykyşynda ýurduň senagat baýlyklaryny, möhüm ugurlardaky geljegi uly taslamalary, maýa goýumlary üçin ygtybarly kanuny kepillikleri barada giňişleýin durup geçdi.