Ählumumy ösüşe goşant goşýan tagallalar

25 Noýabr 2023
496

Şu ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu şanly sene mynasybetli 26-njy noýabrda Aşgabatda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Utgaşykly görnüşde guraljak foruma BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, halkara ulag düzümleriniň, ulag kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara giňişlikde ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmekde gazanýan üstünlikleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys» diýen sözleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini dabaralandyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ulag-logistika ulgamynyň ählumumy ösüşine ýardam edýän täze mümkinçilikleri we çözgütleri gözlemek boýunça Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Olaryň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň bu ugurda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şu babatda ýurdumyzyň teklibi boýunça kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnama hem möhüm ähmiýete eýedir.

Muhammetrahym ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.