Nesil saglygy — bagtyýarlygyň gözbaşy

24 Noýabr 2023
734

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň guramagynda Çärjew etrabyndaky 63-nji orta mekdepde ýurdumyzda «Enäniň we çaganyň hukuklarynyň goralyşy» diýen mowzukda maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, welaýat polisiýa müdirliginiň wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, guramanyň Türkmenabat şäher, Saýat we Çärjew etrap geňeşleriniň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrundaky tagallalary esasynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, döredijilik işjeňligini artdyrmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da maslahatda sagdynlygyň wajyp şertlerine eýermek, bedenterbiýe we sagaldyş hereketlerini giňden wagyz etmek, jemgyýetiň asudalygyny saklamak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hem çykyşlar diňlenildi. Bagtyýar ýaşlar öz ýürek buýsançlarynda ýaş nesliň nurana şu gününi we röwşen geljegini berkarar etmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.