Alkyşlarynyň çägi ýok

21 Noýabr 2023
510

Ýylyň-ýylyna galladan, gowaçadan, gant şugundyryndan, miweli baglardan mahlasy, hemme oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, bu pudakda gazanylýan ösüş-özgerişliklere mynasyp goşant goşup gelýän Baýramaly etrabynyň kärendeçilerdir mülkdarlary, ýer eýeleri, ýaşaýjylary ýurdumyzda uludan toýlanan Hasyl toýunyň öňýanynda şatlykly wakanyň şaýady bolmak bilen, toý keýpiçaglyklaryny goşalandyrdylar. Diňe bir Baýramaly şäheriniň çäginde däl, eýsem, tutuş sebitiň ýaşaýjylaryna-da hyzmat edýän, durky täzelenen we täzeden enjamlaşdyrylan hassahananyň açylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar adamlarynyň saglygy barada edilýän aladalaryň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdygyny ýene bir ýola subut etdi. Çünki ildeşlerimiziň her biriniň jan saglygyny goramak, berkitmek, bejermek ýaly derwaýys işlere Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz taýsyz tagallalary edýärler. Durky täzelenen we täzeden enjamlaşdyrylan, 4 gatly, 301 orunlyk, döwrebap, köpugurly hassahananyň dünýäniň ösen döwletleriniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy bolsa, bu ýerde höwes bilen zähmet çekýän ak ýektaýly lukmanlaryň lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hilli boljakdygyndan habar berýär.

Saglygyny berkitmek isleýän adamlaryň uzak ülkelere ýol söküp gitmek zerurlygy ýok. Çünki etrapda açylyp, ulanylmaga berlen bu köpugurly hassahanada ähli şertler döredilendir. Hormatly Prezidentimiziň bu saglygy goraýyş edarasyna beren «Tiz kömek» we beýleki awtoulaglaryny ýüzlerine sylan lukmanlar we ýerli ýaşaýjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýtdylar.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.