Ynanyşmak. Hoşniýetlilik. Işewürlik.

21 Noýabr 2023
607

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara gatnaşyklar ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» daşary syýasaty dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary hoşniýetli esasda ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň 17-nji noýabrdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşy kabul etdi. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň döwletara gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär. Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk ulgamlary, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşýändigi bellenildi, bilelikdäki hökümetara toparyň orny nygtaldy.

"Nesil".