Türkmenistanyň YHG-nyň Daşkent sammitindäki başlangyçlary — ykdysady ösüşiň bähbidine

15 Noýabr 2023
699

Mälim bolşy ýaly, 9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. «Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap» şygary astynda geçirilen sammite gurama agza ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň bu möhüm syýasy çärä gatnaşmagy we çuň manyly çykyş edip, anyk teklipleri öňe sürmegi Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüşi gazanmak boýunça çözgütleriň bilelikdäki ugurlaryny işläp taýýarlamak, sebitde abadançylygy has-da ýokarlandyrmak babatda tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny nobatdaky gezek subut etdi.

Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu gurama döredilenden bäri onuň meýdançasy agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek üçin netijeli gurala öwrüldi. YHG-nyň hereket edýän ýyllarynyň dowamynda döwletleriň arasynda dürli ylalaşyklar baglaşyldy we ileri tutulýan ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlyk babatda çözgütler kabul edildi. Bilelikdäki mümkinçilikleri ýokary derejede netijeli ulanmak üçin möhüm ähmiýetli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça uly işler amala aşyryldy. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar hem-de gurama gatnaşyjy ýurtlar bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär.

Ahmet GURBANOW,
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň YGH-nyň ýanyndaky hemişelik wekili.