Altytaraplaýyn forum: tejribeler, mümkinçilikler, geljekki meýiller

3 Noýabr 2023
384

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy, onuň çäklerinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kiçi mejlisler, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumy, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» işewürler geňeşiniň hem-de «Türkmenistan — Koreýa Respublikasy» işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisleri geçirildi. Giň wekilçilikli halkara çäreler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde täze sahypany açdy. Daşary ýurtly myhmanlaryň ençemesini bir meýdança jemlän nobatdaky forum 6 ugur — ulag we logistika, saglygy goraýyş, lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, bilim we ylym, syýahatçylyk bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga mümkinçilik döretdi.

Ri Jong KUK,
«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory:

Ýazga geçiren Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».