Köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

27 Oktýabr 2023
593

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda aýratyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklaryň ulgamy kemala geldi. Sebäbi özara düşünişmek, ynanyşmak we pugta dost-doganlyk iki halkyň ýeten belent sepgitleri bolmak bilen, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly giňişligi emele getirýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Türkiýe Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden, häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň netijeli guraly hasaplanýan Bitaraplyk derejesini iki gezek goldan ýurtdur. Şunda türkmen-türk dialogynyň netijeli guraly köp babatda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşyklary ösdürmäge berýän aýratyn ünsi bilen şertlendirilip, özara saparlaryň işjeň häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen tagallalarynyň özboluşly görkezijisi bolup çykyş edýär.

Muhammet MUHAMMEDOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.