Dost-doganlyk rowaçlanýar

27 Oktýabr 2023
441

Bu gün berkarar Watanymyzyň dünýäniň dürli ýurtlary, şol sanda goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagy her birimizi begendirýär, buýsandyrýar. Biziň doganlyk döwletlerimiziň biri bolan Türkiýe Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklaryň barha pugtalanmagy şatlygymyzy goşalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary türkmen-türk gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň, täze derejä çykarylmagynyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda türk kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren ikitaraplaýyn gepleşiklerini, şeýle-de beýleki duşuşyklaryny, şol sanda Türkmen-türk işewürlik forumyndaky çykyşyny “mawy ekran” arkaly tomaşa etdik. Arkadagly Serdarymyzyň doganlyk ýurda amala aşyran resmi sapary mahalynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýaşlar we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2024–2026-njy ýyllarda ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk hakynda Hereketler meýilnamasyna gol çekilmegi biz—ýaşlarda egsilmez buýsanç duýgusyny döretdi.

Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.