Bu ýollarda dost-doganlyk gülleýär

27 Oktýabr 2023
904

Türkmen halkynyň millilikleri inçeden asylly häsiýetleri ýüze çykarmakda halkymyzyň mizemez gory bolup, milletimiziň baý hazynasyna öwrülendir. Bu hazynany gorap, aýap, apalap saklamakda bolsa, halkymyzyň paýyna düşýän jogapkärçilik diýseň uly. Islendik ýurduň milliliklerini, däp-dessurlaryny alyp görenimizde-de, şol döwletiň asyl gelip çykyşyna, taryhyna, edebiýatyna düşünmek mümkinçiligi açylýar duruberýär. Bu duýgy Pekinde geçirilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly türkmen milli gymmatlyklarynyň sergisinde-de öz beýanyny tapdy.

Şu ýylyň 17 — 19-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary amala aşdy. «Bir guşak, bir ýol» taslamasynyň 10 ýyllygy mynasybetli Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen bu başlangyjyň üçünji ýokary derejeli halkara forumy dünýäniň ýüzlerçe döwletinden ýokary derejeli myhmanlary bir ýere jemledi. Bu forumda ilkinji bolup taryhy çykyş eden Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň halkara giňişligindäki hyzmatdaşlyk ýollarynyň oňyn bähbitlere gönükdirilýändigini dürli ugurlarda amala aşyrylýan işleriň mysallary arkaly açyp görkezdi. Milli Liderimiz öz çykyşynda ýangyç-energetika, ulag-logistika, daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Ýokary derejeli maslahatda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň baý mazmunly garaýyşlarynyň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýändigini nygtamak bilen, medeni, ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligine hormat goýmaklygy esasy ýörelgeler hökmünde öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzünde geçirilýän derejeli maslahatlarda öňe sürýän başlangyçlarydyr teklipleri umumadamzat bähbidine gönükdirilip, ol türkmeniň belent münberde ýaňlanýan sözi, türkmen halkynyň ýüzi bolup, biragyzdan seslenme tapýar. «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli halkara forumy döwletleriň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, dünýäde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde esasy ugurlara seretdi.

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby».