Halkara gatnaşyklarda täze sahypalar

27 Oktýabr 2023
720

Şu ýylyň 8 — 10-njy sentýabry aralygynda Hytaýyň gündogaryndaky Fuszýan welaýatynyň Sýamen şäherinde «23-nji Hytaý Maýa goýum we söwda halkara ýarmarkasynyň» çarçuwasynda guralan 10-njy «Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlyk forumy» geçirildi. Onuň çäklerinde «Merkezi Aziýa sebitinde we Hytaýda «Zenanlaryň ösüşi», «Sanly ykdysadyýetiň ösüşi», «Doganlaşan şäherleriň hyzmatdaşlygy we ynsanperwer alyş-çalyşlar» hem-de «Guryýer-deňiz arabaglanyşygy we senagat hyzmatdaşlygynyň ösüşi» atly mowzuklar boýunça kiçi forumlar geçirildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlyk forumynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygynyň ýeten sepgitleri» atly zenanlaryň gazananlarynyň sergisi guraldy. Foruma ýurdumyzyň wekiliýetleri, ýagny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen wekillerine forumyň açylyş dabarasynda we «Zenanlar we durnukly ösüş» atly kiçi forumda çykyş etmek miýesser etdi. Çykyşyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa, olaryň ylymda, bilimde, sportda, medeniýetde, ykdysadyýetde, sanly tehnologiýalarda, ulag-kommunikasiýa toplumynda, oba hojalygynda, telekeçilik ulgamynda döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada gürrüň edildi. Şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk ekologiýa taýdan arassa, sanly ulgam ornaşdyrylan «akylly» şäher — Arkadag şäheri hakynda buýsançly söhbede giň orun berildi. Foruma gatnaşyjylar tarapyndan umumy maksadyň özara ynamy we hyzmatdaşlygy giňeltmekden, ýurtlar bilen halklaryň arasyndaky alyş-çalyşlary çuňlaşdyrmakdan, ýakyn sebitleýin hem halkara hyzmatdaşlygy döretmekden ybaratdygy nygtaldy. Geçirilen çäräniň dowamynda «Merkezi Aziýa — Hytaý» Zenanlaryň ösdürilmegi boýunça Forumyň Siamen başlangyjy» kabul edildi we Türkmenistan tarapyndan bu başlangyjy goldamak barada bellenen tertipde ylalaşyldy.

Akjemal DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy.