Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagyň ugry bilen

27 Oktýabr 2023
1697

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi

Ankara — Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz dostlukly döwlete resmi sapar bilen geldi.