Nebitgaz pudagynda gazanylanlar we geljekki mümkinçilikler

26 Oktýabr 2023
474

nobatdaky ýöriteleşdirilen sergide öz beýanyny tapdy

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahat we sergi dünýäniň 45-den gowrak döwletinden 700-den gowrak wekili bir meýdança jemlemek bilen, ählumumy energetika ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki meýillerine baha bermäge, şunda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna aýdyň göz ýetirmäge amatly şertleri döretdi. Maslahatyň çäginde guralan iri gözden geçirilişde nebitgaz pudagynda iş alyp barýan ýöriteleşdirilen düzümler giň jemgyýetçiligi öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarydyr hödürleýän döwrebap hyzmatlary bilen ýakyndan tanyşdyrmaga mümkinçilik aldylar.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».